Türkmenistanyň Prezidenti 2020-nji ýylda ýurduň birinji synp okuwçylaryna 160 müňe golaý kompýuterleri sowgat eder.

  • by

“Agzybirlik Tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy 2020-nji ýylda Türkmenistanyň birinji synp okuwçylary üçin 160 müňe golaý kompýuterleri öndürer. Şu gün “Ýaş nesillere häzirkizaman bilim almak üçin oňaýly şertleri döretmek, şeýle-de 2020-2021-nji okuw ýyllarynda ýurduň umumy bilim berýän orta mekdeplerinde birinji synpa kabul edilýän okuwçylara kompýuterleri sowgat etmek” barada Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi.

Bu resminama bilen, Bilim ministrligine “Agzybirlik Tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy bilen Türkmenistanda öndürilen 159374 sany kompýuterleri satyn almak, olary 2020-nji ýylyň 25-nji awgustyna çenli bilim edaralarynda gurnamak we tehniki hyzmat etmek barada şertnama baglaşmaga rugsat edildi.

Türkmenistanda ýurduň orta mekdepleriniň birinji synp okuwçylaryna 2011-nji ýyldan bäri kompýuterleri döwlet baştutatynyň adyndan sowgat edýärler. Soňky birnäçe ýylda olary Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tehnologiýalar merkeziniň “Agzybirlik Tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy öndürýär.

Geçen hepdede bolan Türkmenistanyň Ministrler Kabineitniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti “Agzybirlik Tilsimatynyň” kärhanalarynda dürli görnüşli kompýuterleri, şol sanda stasionar kompýuterleri, noutbuklary we planşetleri öndürmekligi ýola goýmak hakynda meseläniň işlenip taýýarlanmagyny tabşyrdy.

Источник: Turkmenportal