loader image

+993 12 93 44 26

info@agzybirlik-tm.com

744000 Aşgabat, Magtymguly şaýoly, 111A

Biz barada

“Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhana 2018-nji ýylda döredildi. Kärhananyň esaslandyryjylary Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tehnologiýalar merkezi, “Hengsheng Lianhua Investment Management Co.,Ltd” we “TONGFANG HONGKONG LIMITED” hytaý kompaniýalary bolup durýarlar.

Bilelikdäki kärhana kompýuter we elektron tehnikasyny öndürmek maksady bilen döredildi. “Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanada şahadatnamalaşdyrylan we kompýuter hem-de elektron tehnikasyny öndürmekde dünýäniň öňdebaryjy öndürijilerden degişli şahadatnamalary bolan 82 hünärmenler zähmet çekýärler.  

Şu günki günde kärhana Türkmenistanyň bilim edaralary üçin eýýäm 80 000-den gowrak çaga öwrediji kompýuterlerini öndürdi. Mundan başga-da, Bilelikdäki karhanada öz brendi bolan personal kompýuterleri, söwdany awtomatizasiýalaşdyrmak üçin enjamlary, şeýle-de torlaýyn dolandyrylýan kommutatorlary öndürmek boýunça işler doly depginde ýerine ýetirilýär.

Bu ugruň emele gelmegi 2018-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tehnologiýalar merkezi, “Hengsheng Lianhua Investment Management Co.,Ltd” we “TONGFANG HONGKONG LIMITED” hytaý kompaniýalary tarapyndan biziň ýurdumyzda kompýuter tehnikalarryny öndürmek maksady bilen, “Agzybirlik Tilsimaty” kärhanasynyň döredilmegi bilen baglydyr.

Kärhanada Hytaýyň milli reýtingdinde birinji hatarda durýan we dünýäniň top bilim reýtinglerine girýän, Sinhua Uniwersiteti tarapyndan sertifikatlaşdyrylan ýokary hünär derejeli hünärmenler zähmet çekýärler. Hünärmenleri iň gelejegi bolan ylmy barlaglary işläp taýýarlaýan, hut bu ýokary okuw jaýy “Tongfang Hongkong Limited” kompaniýasynyň esaslandyryjysy bolup durýar.

Şu ýyl Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, “Agzybirlik Tilsimaty” kärhanasy tarapyndan 80 müň sany çaga öwrediji kompýuterleri öndürildi, ol kompýuterler şeýle-de döwlet baştutanynyň adyndan ýurduň birinji synp okuwçylaryna sowgat berildi. Ol kompýuterlere ýüklenen programma 198 sany dürli öwrediji funksiýalary ýerine ýetirýär we üç dil görnüşe eýedir: türkmen, rus we iňlis dilleri.

Ähli priloženiýeler başlangyç synplaryň okuwçylary üçin niýetlenendir we çagalaryň ilkinji üç ýylda özleşdirjek esasy dersleri öz içine alýar. Şol sebäpli, programmanyň işlenip taýýarlanmagy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň usulyýetçileri we beýleki hünärmenleri bilene bilelikde alnyp baryldy.

Bu diňe bir kärhananyň mekdep okuwyny sanly ulgamlaýyn amala aşyrmaklyga ilkinji goşandydyr, öňde – bu ugurda we beýleki ugurlarda giň iş gerimleri bardyr.

Şu günki günde elektron senagatyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmşa geçirmeklige gönükdirilen, “Agzybirlik Tilsimaty” kärhanasy hytaý hyzmatdaşlary bilen bilelikde noutbuklaryň, planşetleriň, monobloklaryň, personal kompýuterleriň we hat-da serwerler ýaly çylşyrymly ýöriteleşdirilen programma toplumlarynyň synag nusgalyklaryny öndürmek meýilleşdirilýär we eýýäm olaryň käbirleri boýunça hytaý hyzmatdaşlary bilen işler alnyp barylýar. Öz brendi astynda personal kompýuterleriň birinji tapgyry eýýäm öndürmeklik meýilleşdirilýär.

Ilkibaşda “Agzybirlik Tilsimaty” kärhanasy Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň importy çalşyrmak boýunça öňde goýan meseleleriniň çözülmegine gönükdirilendir. Şu gün ikinji ugur – bar bolan brendiň reeksporty peýda bolýar. Bu türkmen brendiniň astynda kompýuterleriň golaý ýurtlara satyljakdygyny aňladýar, çünki “Agzybirlik Tilsimaty” - Merkezi Aziýa sebitinde kompýuter tehnikasyny öndürmek boýunça ýeke-täk zawod bolup durýar. Şol sebäpli, bazar giňden açylýar.

Bilelikdäki kärhana şeýle-de, programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak boýunça iri transmilli “Maýkrosoft” kompaniýasy hem-de elektron enjamlaryny we kompýuter komponentlerini öndürýän öňdebaryjy “Intel” kompaniýasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Bu kompaniýalar eýýäm Türkmenistandan kompýuterleri satyn almak barada Gazagystanda, Özbegistanda, Täjigistanda, Owganystanda buýrujylara maslahatlary berdiler.

Şeýle berk bäsdeşlik bolan bazara girmeklige türkmen elektron tehnikasynyň bahasynyň elýeterligi we onuň gürrüňsiz ýokary hili ýardam eder. Şu günki günde bolsa bu sebitde sarp edijiler üçin iň özüne çekiji baha bolup durýar.

Şeýlelik bilen, ýaş we gelejegi bolan kärhana ýurtda importy çalşyrýan önümleri öndürmek we eksportyň göwrümini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamalarynd agoýlan iki meseläni dessine çözýär.

Gelejekde, eýýäm aýdylyşy ýaly, “Agzybirlik Tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy serwerleriň tapgyrlaýyn önümçiligini özleşdirmekligi meýilleşdirýär, bu bolsa buýrujylara, täjirçiligi ösdürmek, olaryň işini gowplandyrmak we netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça integrirlenen çözgütleri hödürlemäge mümkinçilik berer.